SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENBAŞY WE MAHAÇGALA PORTLARYNYŇ ARASYNDA PAROM GATNAWYNY AÇMAK GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAR
Mahaçgalanyň deňiz söwda porty (MDSP) ýakyn geljek üçin öz wezipesini kesgitledi. Olaryň arasynda: Türkmenistan bilen awtoulag we demirýol parom gatnawyny ýola goýmak, şeýle hem jahankeşdelik deňizçiligi üçin düzümleýin amatlyklaryny döretmek bar. “Mirmol” neşiriniň Dagystan Respublikasynyň ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Şiruhan Gajymyradowa salgylanyp berýän habaryna görä, 2020-nji ýylda Mahaçgala deňiz porty 4,7 million tonna ýüki üstünden geçiripdir, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 3% köpdür...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝANYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...
PEDERLERIMIZIŇ KÖPASYRLYK DÄPLERI WE WESÝETLERI RUHY GYMMATLYKLARY BAÝLAŞDYRMAGYŇ ÖZENIDIR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şu gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Lideri mähirli garşylandy. Soňra ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini milli Liderimiz mähirli garşylady. Soňra geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly...
PEDERLERIMIZIŇ KÖPASYRLYK DÄPLERI WE WESÝETLERI RUHY GYMMATLYKLARY BAÝLAŞDYRMAGYŇ ÖZENIDIR
Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol aýda Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhandan ilkinji süreleri peşgeş beripdir. Goňşy döwletleriň halklary ýaly, türkmenler hem gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Oraza aýyna hormat-sarpa goýýarlar. Asylly işleri ama...
PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ AŞGABAT DUŞUŞYGYNA GATNAŞYJYLAR BU FORUMYŇ GEÇIRILMEGINIŇ ÖZ WAGTYNDALYGYNY BELLÄP GEÇDILER
Parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly şu günki duşuşygynda bu forumyň derwaýys ähmiýeti nygtaldy. Şunlukda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ynanyşmagyň ykdysadyýet, ekologiýa, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda global...
ANTONIN DWORŽAGYŇ DUÝGULAR WE SAZ DÜNÝÄSI: AŞGABATDA ÇEH KOMPOZITORYNYŇ ESERLERI ÝAŇLANDY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kamera topary kafedrasynyň mugallymlary we talyplary şu ýyl 180 ýyllygy bellenýän, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda ýaşan görnükli çeh kompozitory Antonin Dworžaga bagyşlap 28-nji aprelde bu okuw jaýynyň Uly zalynda aýdym-saz agşamyny geçirdi. Dworžak meşhur Lýudwig wan Bethoweniň we Rihard Wagneriň sazlarynyň muşdagy bolansoň, öz aýtmagyna görä otuz ýaşyna çenli «bu beýik nemesleriň jadysynyň» täsiri astynda saz döredipdir. 1871-nj...
AŞGABATDA PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Forumyň işine 15 ýurtdan ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa kä...