SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler. Ministrler...
DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýur...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-17-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlar sportuň tennis, kiçi tennis, bilýard we woleýbol görnüşleri boýunça dört ugurda geçirildi. Bilýard boýunça «Rus piramidasy» oýnunda ABŞ-nyň Ilçihanasy birinji oruna mynasyp boldy. Billia...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HZG-NIŇ ZÄHMET KADALARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş ada...
TÜRKMENISTANYŇ RF-DÄKI ILÇISI MOSKWA ŞÄHERINIŇ MERIÝASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan baý dessurlaryň hem-de toplanylan tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň Moskwa bilen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklere eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da, ýerüsti ulag infra...
TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝEDÄKI ILÇIHANASY “HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY” ÝYLY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRDI
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ankara şäherinde 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçilige giňişleýin maglumat bermek maksady bilen brifing geçirildi. Brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir we toparyň agzalary, Ankaranyň E...