ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA KARTOŞKA EKIŞINE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda kartoşka ekmäge niýetlenen ýeriň üçden bir bölegine golaýynda hususy telekeçiler ekin ýetişdirerler. Munuň üçin olara «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan 350 gektar ýer bölünip berildi.
Umuman etrap boýunça ýazky kartoşka ýetişdirmäge 950 gektar meýdan bölünip berildi. «N.Andalyp» we «Şawat» daýhan birleşikleri şeýle hem «ýer almasyny» ýetişdirmäge ýörüteleşendir. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bu azyklyk ekini iri öndürijidigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň toprak-howa şertleri kartoşkadan ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär. Etrapda güýzlük kartoşkany müň gektardan gowrak meýdana ekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet tarapyndan ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ütgedip gurmaga, Daşoguz welaýatynda oba hojalyk pudagynda, şol sanda kartoşka ýetişdirmekde-de telekeçilik başlangyjyny höweslendirmäge gönükdirilen syýasatyň drumuşa geçirilmegi netijesinde şahsy düzümleriň ähmiýeti artýar. Hususy we hukuk taraplarynyň ýüzlerçesi 99 ýyl möhlete oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer aldylar. Şu ýyl sebitde oba hojalyk önümçiliginiň şu pudagyna hususy telekeçileri has işjeň çekmek göz öňünde tutulýar.
Batyr ÖRÄÝEW