DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

photo

Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu duşuşyk weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.

GDA döwletlerinde şu ýagdaýlara degişli maglumatlar, COVID-19-yň ýetiren zyýanlaryny azaltmak boýunça geçirilen çäreler hem-de weterinar gullugyň gözegçiligine degişli ýükleriň eksporty-importy wagtynda bellenen talaplaryň berjaý edilişi barada pikir alşyldy.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutýan ykdysady syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanda oba hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, şol sanda maldarçylygy, guşçulygy we atçylygy, ylmy seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini ösdürmäge uly üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň hem-de oňa degişli pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, bu ulgamda daşary ýurtlaryň ugurdaş pudaklaýyn dolandyryş hem-de ylmy edaralary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Şonuň ýaly-da, Döwlet weterinariýa gullugynyň oba hojalyk hem-de ýabany haýwanlaryň we guşlaryň saglygyny goramakdaky, olarda ýüze çykýan dürli keselleriň öňüni almakdaky, ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän maldarçylyk hem-de guşçulyk önümleriniň, şeýle hem iýmleriň we weterinar derman serişdeleriniň ýokary hilini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny bellenildi.