DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

photo

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş diplomatiýasy dünýä derejesinde döwrüň ähmiýetli meselelerini çözmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň ösüşlere beslenen başlangyçlary netijesinde Türkmenistan lukmanlaryň iş ýüzündäki gatnaşyklaryny öňe ilerletmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmekde netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady. Munuň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygyny görkezip bolar.

Tejribeli nemes hünärmeni, doktor Annegret Kern-Zozo bilen onlaýn duşuşygyň dowamynda fizioterapiýa hem-de onuň usullarynyň iş ýüzünde uýgunlaşdyrylmagy babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen klinikalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, iň täze usullary we lukmançylyk innowasiýalaryny özleşdirmäge çynlakaý gyzyklanylmagynyň, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halkyň iň gymmatly baýlygyny we abadançylygyny goramak üçin mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Germaniýanyň esasy klinikalarynyň professorlary türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini yzygiderli paýlaşýarlar, iki ýurduň lukmanlary hemişe ýygy gatnaşykda bolýarlar. Ine, ýakynda urologiýa ulgamynda tejribeli nemes hünärmenleriniň biri — doktor Friedrih Kempter bilen hem wideoduşuşyk geçirildi. Halkara iç keselleri merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň türkmen lukmanlary GFR-den bolan kärdeşi bilen peşew daş keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň ähmiýeti nygtaldy.

4-nji martda fizioterapewtleriň wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty nemes nefrolog lukmany, professor Roland Weelken bilen geňeşme duşuşygy arkaly dowam eder. Şonuň barşynda nefrologiýanyň möhüm meseleleri, şol sanda ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiliginiň öňüni almak, anyklamak we häzirki zaman bejergileri ara alnyp maslahatlaşylar.