Türkmenistanyň Daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň TÜRKSOÝ-nyň opera günlerine hem-de görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada bolan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Şu nukdaýnazardan, türkmen medeniýetiniň gazananlaryny has-da ilerletmekdäki TÜRKSOÝ-nyň alyp barýan işleri bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň medeniýet işgärlerine türki dünýäsiniň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşan goşantlary üçin berlen TÜRKSOY-nyň baýraklarynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer gepleşikleri ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki başlangyçlaryň diňe bir TÜRKSOY-a agza ýurtlaryň halklarynyň arasynda däl, eýsem beýleki döwletler bilen hem parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýändigini tassykladylar.
Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki çärelere görülýän taýýarlyk meselelerine seredildi, şeýle hem TÜRKSOÝ-nyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalar barada pikir alşyldy.
Sultan Raýew şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna gatnaşmaga çakylyk berlendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.