SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Şu gün göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi. Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn...
METBUGAT-RELIZI
Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň dowam etmegi we halkara bileleşigi tarapyndan bu global ähmiýetli wehime garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär. Dünýäde COVID-19 ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanda bu ýokanjyň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ulgamlaýyn esasda işler guraldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Hö...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Şu gün Bilim ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň bilim ministri Husseýn bin Ibragim Al Hammadi bilen gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna ilkibaşdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BAE-...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri şu günler wideomaslahat görnüşinde «Egmont» toparynyň iş we sebit düzümleriniň duşuşyklaryna gatnaşdylar. «Egmont» topary maliýe aňtawçylyk gulluklarynyň (MAG) bütindünýä bileleşigi bolup durýar. Bu toparyň maksady jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşde MAG bilen netijeli gatnaşyklar üçin meýdançany üpjün etmekden hem-de degişli milli maksatnamalary goldamaga we durmuşa geçirm...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanýer bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işleriň ynsanperwerlik jähtlerine aýratyn üns bermek arkaly Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ÝHHG-niň meýdançasynyň çäkleri bile...
TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zayani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikirleri al...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NOBATDAKY ZÄHMET RUGSADY BAŞLANDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär. Geçen hepdede ýarym ýylyň jemlerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi, Hökümet agzalary zähmet rugsa...