SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýa Feder...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet be...
AHAL-TEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANAN WEBINAR
Türkmenistanyň Fransiýadaky we Awstriýadaky Ilçihanalary Fransiýanyň ahal-teke atçylygy assosiasiýasynyň hem-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýardam bermeginde «Ahal-teke bedewleriniň asyrlar we müňýyllyklar aşan şöhrady» temasyndan Halkara webinar guradylar. Ýurdumyzyň Pariždäki hem-de Wenadaky diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlýan-çärä Fransiýanyň we Awstriýanyň dürli pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini, Ýewropa ýurtlarynyň birnäçes...
ÝÖRITELEŞDIRILEN NEŞIRDE -- NEBITGAZ PUDAGYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARYNYŇ BEÝANY
?Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» ady bilen makalalar ýygyndysyny taýýarladylar. Ýyllyk neşiriň täze sanynda pudaklaýyn YBI-nyň işgärleriniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary düzüminiň, şeýle konserniň hünärmenleriniň işleri çap edilipdir. Alty topara bölünen makalalar geologiýa, geofizika we gidrogeologiýa, nebit we gaz guýylaryny burawlamak, gazly hem-de gazkondensatly känleri...
SYÝASAT WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany — 7-nji goýberilişi çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen köptaraply seljeriş makalalarynda, habarlarda we hasabat maglumatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply döwlet syýasatynyň wajyp hem-de möhüm ugurlary beýan edilýär. Žurnalyň bu sany seljeriş-analitik...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda diplomatlar ýokary derejedäki...
TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ DOWAMYNDA ULAG ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri A.Karaismailoglu ýolba...