ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ DUŞUŞYGYNYŇ TEMASY – DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEK BOLDY

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda paýtagtymyzyň şu ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde guran «Açyk gapylar güni» geçirildi. Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek Konsepsiýasynyň wezipelerine laýyklykda geçirilen iki günlük gyzykly çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Maksatnama laýyklykda, çäräniň birinji güni paýtagtymyzyň diller ýokary okuw mekdebi TTII-nyň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat wekilýeti kabul etdi. Bu ýerde myhmanlar üçin medeni we bilim çäreleriniň birnäçesi guraldy.

Institutlaryň ikisiniňem talyplary iňlis dilinde geçirilen «Muny bilmek gyzykly» atly kiçiräk intellektual bäsleşige höwes bilen gatnaşdylar. Onda talyplar dil taýýarlygyny, çuňňur bilimlerini we ýitiligini görkezdiler. Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulýetine bagyşlanan okuw türgenleşigi TTII-nyň mugallymlary üçin has peýdaly boldy. Dilçi-guramaçylaryň guran sergisi oňa gatnaşanlary Beýik Britaniýanyň gözel binalaryna syýahata çagyrdy.

Çäräniň ikinji güni Döwletmämmet Azady adyndaky TMDII-nyň mugallymlary we talyplary TTII-na jogap sapary bilen bardylar. Myhmanlar daşary ýurt –nemes, iňlis, rus dilleri boýunça açyk sapaklara gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniňem talyplaryny intelelktual breýn-ring özüne çekdi, onda Türkmenistanyň Bitaraplygy barada sowallardyr jogaplar ýaňlandy.

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDII-nyň mugallymlary üçin TTII-nyň internet-portalynda bu ýerde daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen bagly wideomateriallar görkezildi. Myhmanlar şeýle hem ummasyz tematiki edebiýatlar toplanan bu ýerdäki elektron kitaphana bilen tanyşdylar. Institutyň Innowasiýalar merkeziniň ýaş alymlarynyň guran sergisi myhmanlary haýrana goýdy we özüne maýyl etdi. Onda bu ýokary okuw mekdebiniň esasy ugurlarynda – telekommunikasiýalarda, informatika tehnologiýalarynda talyplaryň gazanan üstünlikleri we işläp taýýarlanlary görkezildi.

«Tegelek stolyň» başynda institutlaryň mugallymlary daşary ýurt dilleriniň gramamtikasyny we leksikasyny öwrenmek, ýazuw we gepleýiş başarnygyny kämilleşdirmek, okatmagyň usulýeti we talyplaryň daşary ýurt dillerini özleşdirmegi boýunça käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Umuman, bu çäre iki tarap üçinem peýdaly boldy, ol duşuşyga gatnaşanlara tejribe we bilim alyşmaga, dilleri öwrenmegiň kynçylygy we olary çözmegiň ýollary barada pikir alyşmaga, degerli maglumatlaryň ençemesini öwrenmäge mümkinçilik berdi. «Açyk gapylar güni» ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde-de dabaraly konsert bilen jemlendi. Çärelere işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.