img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW WE ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINE RESMINAMALARY KABUL ETMEK BAŞLANDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglary...

DOWAMY
pic
6 Iýul

RESMI HABAR

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa ýoly bilen ösdürilip, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurduň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýan döwründe ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam bermek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin M...

DOWAMY
pic
6 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASY IŞINIŇ 2020-NJI ÝYLYŇ BIRINJI ÝARYM ÝYLLYGY BOÝUNÇA SYNY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň jemleri boýunça synyna bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasy ugry boýunça gazanylan esasy üstünlikler beýan edildi....

DOWAMY
pic
4 Iýul

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 77-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli polietilen we polipropilen önümleri hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid dö...

DOWAMY
pic
3 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerim...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY BIRNÄÇE MESELÄNI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.  Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇ TARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owg...

DOWAMY