img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýul

AŞGABATDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ DÖREDILMEGI BARADAKY RESMINAMA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem me...

DOWAMY
pic
5 Iýul

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY O.A.ÇARYÝEW hakynda

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 5-nji iýuly.

DOWAMY
pic
5 Iýul

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň...

DOWAMY
pic
5 Iýul

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.Ş.WELBEGOW hakynda

Silap Şamyradowiç Welbegowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 5-nji iýuly.

DOWAMY
pic
5 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE IRLANDIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Irlandiýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili, Ilçi Dewid Donahýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlylygyny bellediler. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanarly belläp, taraplar 2021-2022-nji ýyllarda  BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljekki saýlawlary...

DOWAMY
pic
5 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUS WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus to...

DOWAMY
pic
5 Iýul

AŞGABATDA TÜRKMEN-POLÝAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi.  Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzy...

DOWAMY