img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Iýul

AŞGABATDA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar gazanyla...

DOWAMY
pic
7 Iýul

ÝEŇIL ATLETIKAÇYLARYMYZYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Düýn türgenlerimiz Gazagystanyň Almaty şäherinde «Gusman Kosanowyň ýagty ýadygärligine» ady bilen geçirilen ýeňil atletika boýunça XXIX halkara ýaryşdan 3 medal bilen dolanyp geldiler. Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Eýrandan, Hindistandan, Kuweýtden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan jemi 250-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa milli ýygyndymyzdan 6 türgen gatnaşdy. Almatynyň Merkezi stadionynda dowam eden bäsleşikde türgenlerimiz bir altyn, bir kümüş we bir...

DOWAMY
pic
7 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝB-NIŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Şu gün,7-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alyşyldy...

DOWAMY
pic
6 Iýul

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Ka...

DOWAMY
pic
6 Iýul

Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda senagat nusgalaryny goramagyň meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty işini tamamlady. Ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredilýär....

DOWAMY
pic
6 Iýul

Bütindünýä uniwersiadanyň açylyşy

Italiýanyň Neapol şäheriniň «San-Paolo» stadionynda 3-nji iýulda XXX Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Stadiondan dünýäniň 127 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary dabaraly ýöriş bilen geçdiler. Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjo Mattarella talyp sport oýunlaryny açyk diýip yglan etdi, uniwersiadanyň alawyny meşhur italýan futbolçysy Lorenso Insinýe ýakdy. Dabaranyň dowamynda iň häzirki zaman şüweleň tehnologiýalary peýdalanyldy, asma...

DOWAMY
pic
6 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Federika Mogerini bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän hem-de sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ÝB ylalaşdyryjylyk kuwwatyny görkezýän strategik h...

DOWAMY