SOŇKY HABARLAR
LÝUKSEMBURGDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...
ÝB-NIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI FEDERIKI MOGERININIŇ AŞGABADA SAPARY
2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Daşary işler ministri bilen duşuşyklary geçirer.
Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar
Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär. Biziň türgenlerimize ýerli howa şertlerine öwrenişmek hem-de jemleýji türgenleşikleri mynasyp derejede geçirmek wezipesi garaşýar, sebäbi, dzýudoçylaryň arasynda ilkinji...
THE TOUR OF “GALKYNYSH” HORSE GROUP WAS HELD IN CHINA
On June 29, 2019 the opening ceremony of the tour of “Galkynysh” horse group took place in northeastern Jilin Province (Changchun). The opening ceremony was attended by Mr. Lanjun, Chairman of the Council for the Development of National Trade of China, party and economic leaders at various levels of Jilin Province, heads of the organizing tour company Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd., representatives of the Federation of Entrepreneurs, art workers, actors, employees of the Foreign A...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ HEMIŞELIK AGZASY HÖKMÜNDE BIRAGYZDAN SAÝLANYLDY
2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýas...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz işiniň örän köpdügine garamazdan, dürli maksatly desgala...
EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÝANGYÇ TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE ÝETIRILDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi. Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçes...