img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Ýan

DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA 2023-NJI ÝYLYŇ “DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE HALKARA ÝYLY” DIÝLIP YGLAN EDILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi. Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Tür...

DOWAMY
pic
25 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Daşkende, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisine gatnaşdy. Bu çärä agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýöriteleşdirilen edaralar, sebit institutlary we ECO-nyň degişli guramalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýumlary, ýaşyl ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energeti...

DOWAMY
pic
24 Ýan

HALK MASLAHATY – TÜRKMENISTANDA HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň döwlet häkimiýetiniň wekilçilik we kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň iki palataly parlamenti - Milli Geňeşiň mejlisi bolup geçdi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuş-syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  D...

DOWAMY
pic
23 Ýan

“EURONEWS” TELEÝAÝLYMY BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” ýewropa maglumat teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Daşary syýasat edarasynda geçirilen ýygnakda Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwain Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durm...

DOWAMY
pic
20 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň çäginde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini nygtady. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem möhüm üns berilýär. Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen gat...

DOWAMY
pic
20 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

Üstümizdäki ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan d...

DOWAMY
pic
17 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY MASLAHATLARY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...

DOWAMY