img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Ýan

TÄZE ÝYL JAZ SAZLARY: RÖWŞEN NEPESOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTR SAZ MUŞDAKLARYNA MEŞHUR AÝDYM-SAZLARY WE TÄZE SAZLARYŇ ÜÇÜSINI PEŞGEŞ ETDI

2020-nji ýylyň ilkinji ýekşenbe agşamynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalary jaz sazlarynyň muşdaklaryny begendirdiler. «Türkmenistan» kinokonsert merkezini hyryn-dykyn dolduryp oturan mähelle üçin Deýw Brubekiň, Lui Armstrongyň, Jorj Dýukyň, Bobbi Timmonsyň we beýlekileriň meşhur eserleri ýaňlandy. Konserti alyp baryjy Tatýana Öwezmyradowa çykyşlary ... öz döreden «Jaz we blýuz sazlarynyň waspy» goşgusy bilen açdy, onda ol sa...

DOWAMY
pic
5 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr. Täze ýylda häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gazanmak hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin bilelikde hereket etmäge mümkinçiligiň bo...

DOWAMY
pic
5 Ýan

RESMI HABAR

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
5 Ýan

TÄZE ÝYL SIRK ÇYKYŞLARY: ZEHINLERIŇ TÄSIN ÇYKYŞLARY WE SUNGAT JADYSY

Adatdakysy ýaly, Köne ýyl ornuny Täze ýyla bermejek bolýar – doňuz her dürli tagamly sebediň içindäkileri dogumlyja syçan bilen paýlaşmak islemeýär. Masgarabazlar Pena Myratdurdyýew bilen Arça Meredow Türkmen döwlet sirkinde mekdep dynç alşy günleri çagalar üçin guralan Täze ýyl tomaşasyny şeýle repriza bilen başladylar. Soňra tomaşaçylar Aýazbabadyr Garpamygy, žonglýorlardyr akrobatlary, masgarabazlary we howa gimnastlaryny – täze ýyl tomaşasyna gatnaşýanlaryň ählisini, mundan başga-da, indi...

DOWAMY
pic
4 Ýan

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamidi, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 418 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 1 million 123 müň manatlykdan gowrak nah ýüplüg...

DOWAMY
pic
3 Ýan

DERMATOLOGIÝA BOÝUNÇA HÜNÄRMEN AKSEL HAUŞILDE TÜRKMENISTANYŇ MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ HORMATLY PROFESSORY ALYMLYK DEREJESI BERILDI

Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksel Hauşilde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi. Professor Hauşild dermatologiýa we deriniň onkoilogiýa keselleri boýunça tanymal hünärmen, Ýewropanyň onkologlar birleşmesiniň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, Kil şäheriniň uniwersitet klinikasynyň okuw merkeziniň müdiridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda lukmançylygyň birnäçe ugur...

DOWAMY
pic
3 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Siziň dostlukly halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we çuňňur hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin....

DOWAMY