RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Ýan

ADAM HAKYNDAKY ALADA MILLI LIDERIMIZIŇ DURMUŞ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRUDYR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Täze, 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinden pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy. Resminama laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1415 manat möçberde kesgitlenildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň her ýyl geçirilýän çäredigini bellemek möhü...

DOWAMY
pic
2 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym! Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagt arzuw edýärin hem-de Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti   *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Sizi t...

DOWAMY
pic
1 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size we tutuş türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ibermäge rugsat ediň. Biziň ýurtlarymyzyň umumy taryhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýan hoşniýetli goňşuçylygyň we özara peýdaly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde pugtalandyrylýandygy şatlykly wakadyr. Siziň ýakynda Daşkende bolan iş saparyňyzyň...

DOWAMY
pic
1 Ýan

ÇAGALAR - BIZIŇ GELJEGIMIZ!

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara geçirildi. Onuň “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dürli serişdeler we köp öwüşgünli yşyklar bilen bezelen belent başly arçanyň ýanynda guralan aýdym-sazly çykyşlar bu ýerde geçirilýän dabaranyň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri hem-de köpsan...

DOWAMY
pic
1 Ýan

Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar

Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy...

DOWAMY
pic
1 Ýan

Çagalar - biziň geljegimiz!

Şu gün Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy. Bu körpeje Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi. TDH agentligine Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlana...

DOWAMY
pic
31 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda he...

DOWAMY