RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Ýan

Çärjew etrabynda täze ÝGB işe girizildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze ýylyň öň ýanynda işe girizilen täze ýangyç guýujy beket ilkinji müň awtomobile hyzmat etdi. Ol Faraba barýan ýoluň ugrunda ýerleşendir we gije-gündiziň dowamynda 750 awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bekedi «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Lebapdaky hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň hünärmenleri gurdylar. Bu ýerde ýangyç guýujy kolonkalaryň dördüsi, şeýle hem tehniki taýdan hyzmat ed...

DOWAMY
pic
6 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowyň üstüne ýüklenildi.   *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orun...

DOWAMY
pic
6 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Gurbanow hakynda Ýazmuhammet Gurbanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 6-njy ýanwary.   *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.Çarlyýew hakynda Çarygeldi Çarlyýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden bo...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Mejlisde paýtagtymyzda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşyna garalyp, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem birnäçe guramaçylyk...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÄZE ÝYL JAZ SAZLARY: RÖWŞEN NEPESOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTR SAZ MUŞDAKLARYNA MEŞHUR AÝDYM-SAZLARY WE TÄZE SAZLARYŇ ÜÇÜSINI PEŞGEŞ ETDI

2020-nji ýylyň ilkinji ýekşenbe agşamynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalary jaz sazlarynyň muşdaklaryny begendirdiler. «Türkmenistan» kinokonsert merkezini hyryn-dykyn dolduryp oturan mähelle üçin Deýw Brubekiň, Lui Armstrongyň, Jorj Dýukyň, Bobbi Timmonsyň we beýlekileriň meşhur eserleri ýaňlandy. Konserti alyp baryjy Tatýana Öwezmyradowa çykyşlary ... öz döreden «Jaz we blýuz sazlarynyň waspy» goşgusy bilen açdy, onda ol sa...

DOWAMY
pic
5 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr. Täze ýylda häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gazanmak hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin bilelikde hereket etmäge mümkinçiligiň bo...

DOWAMY
pic
5 Ýan

RESMI HABAR

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

DOWAMY