SOŇKY HABARLAR
ÝURDUŇ GÜNDOGAR SEBITINIŇ ÝÜPEKÇILERI PILE TAÝÝARLAMAK IŞINI TAMAMLADYLAR
Lebap welaýatynda tut gurçugyndan pile almak işi tamamlandy. Pile arassalanandan we sortlanandan soň gaýtadan işlemek üçin Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşgine iberiler. Ýüpek çig malyny gaýtadan işlemek möwsüminiň öň ýanynda bu senagat desgasynda göz öňünde tutulan abatlaýyş-sazlaýyş işleri geçirilip gutardy. Ýüpek kelepleýji döwrebap enjamlaryň dördüsini oturtmak we sazlamak işleri tamamlanyp barýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen ýüpegi ajaýyp hili we alyjylar tarapyndan ýokary isleglili...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNSYBETLI WE DAŞARY YKDYSADY IŞINI ÖSDÜRMEK WE IŞJEŇLEŞDIRMEK BILEN BAGLY WIDEO DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (DEIK) başlygy Nail Olpakyň we Türkmen-Türk Işewürlik geňeşiniň başlygy Halil Awjynyň ýolbaşçylgynda bu geňeşiň wekilleri bilen wideo konferensiýa arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi, Stambuldaky Baş konsuly we Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Tü...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň, hemişe bolşy ýaly, uly baýramlarymyzyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-b...
TDH-NYŇ WE BELTA-NYŇ ÝOLBAŞÇYLARY MEDIA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde, Prezidentler...
DIM-DE PANDEMIÝANYŇ ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝYNA ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ GOWŞADYLMAGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar. M...
MILLI LIDERIMIZ BERDIMUHAMET ANNAÝEW ADYNDAKY HARBY MEKDEBE ÝADYGÄRLIK GYMMATLYKLARY GOWŞURDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi. Türkmen topragynyň şöhratly oglunyň — milli Liderimiziň atasynyň — edermen söweşijiniň hem-de ussat mugallymyň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyz...
BITARAPLYGYŇ MEKANYNYŇ DÜRLI ÖWÜŞGINLI KEŞBI — DÜNÝÄNIŇ FOTOSURATÇYLARYNYŇ IŞLERINDE
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri,...