TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASY GORAMAK BARADA KONWENSIÝASYNYŇ TARAPLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň işgärleri ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak barada Konwensiýasyna gatnaşýan döwletleriň Baş Assambleýasynyň 8-nji mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Onda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň serişdelerini ulanmak, adatdan daşary ýagdaýlarda maddy däl medeni mirasy goramak, Konwensiýany ýerine ýetirmek boýunça Dessin gollanmanyň düzgünlerine täzeden garamak we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki mejlisiň çäklerinde ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň täze agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Biziň ýurdumyz ÝuNESKO-nyň Konwensiýasyna 2011-nji ýylda goşuldy we şondan bäri onuň işjeň taraplarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň dessan görnüşinde ýerine ýetirilmesiniň nusgasy hökmünde «Görogly» eposynyň (2015 ý.). «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungatynyň (2017 ý.), şeýle hem türkmen haly sungatynyň däpleriniň (2019 ý.) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak barada Konwensiýasyna gatnaşayjy ýurtlaryň Baş Assambleýasynyň mejlisi 10-njy sentýabra çenli dowam eder.