img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENABADYŇ MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY 70 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR

photo

Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda birinji ýyl talyplarynyň 1050-si öz saýlan ugrundan bilim almaga girişdiler. Institutda hünär taýýarlygynyň 15-si boýunça geljekki mugallymlaryň 3300-den gowragy bilim alýar.

Amyderýanyň kenaryndaky mugallymçylyk instituty 1950-nji ýylda açyldy. Ýokary okuw mekdebi döredileni bäri bilim ulgamy üçin 50 müňden gowrak hünärmen täýýarlandy. Häzirki müňýyllykda bu ýerde daşary ýurtly raýatlara-da bilim almaga mümkinçilik döredildi. Mysal üçin, 2019-njy ýylda Owganystandan, Hytaýdan we Täjigistandan uçurymlaryň 22-si ýokary bilim hakda diplom aldylar.

Ýurduň innowasion ösüş ugry jähtinden bu ýerde bilim işine we hünär medeniýetini kemala getirmäge usulýet hem-de tehnologik täzeçilikler işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde institutda dünýägaraýşy giň we işine döredijilikli çemeleşýän, kärine ussat mugallymlary taýýarlamak üçin ähli şertler döredilen.

Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň 5-sinde we kafedralarynyň 17-sinde talyplar tejribeli professor-mugallymar düzüminiň ýolbaşçylygynda hünär başarnyklarynyň ähli ugurlaryny özleşdirýärler. Institutda maglumatlar-kompýuter merkezi hereket edýär, auditoriýalar we laboratoriýalar multimediýa enjamlary hem-de orgtehnika bilen üpjün edilen, köpugurly kitaplar gory bolan giň okalga zally kitaphana talyplaryň ygtyýarynda.