SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGINIŇ HUKUK BINÝADYNY GIŇELTMEK MESELELERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Medeniýet, Adalat ministrlikleriniň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda milli...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar MA5+Russiýa formatyndaky öňde duran üçünji ministrler derejesindäki mejlisiň gün tertibine degişlilikde hem pikirleri alyşdylar. Mejlise gatnaşyjy...
TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Узбекистон темир йуллари” Paýdarlar jemgyýetiniň hem-de RAI “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda demirýol we awto ýol ýükleriniň üç ýurduň döwle...
ÝURDUMYZYŇ AWIAMODELÇILERI GÜÝÇLINI KESGITLEDILER
Aşgabadyň golaýynda 2020-nji ýylyň ilkinji awiamodel ýaryşlary: uly ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty we ýetginjerkleiň arasynda milli birinjilik geçirildi. Ýaryşy awiamodelçiler – planerleriň radiodolandyryşly modelleri bilen çykyş edýän türgenler açdylar. Sport ussatlarynyň dördüsi ýurdumyzyň çempiony adyny almak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa gatnaşanlaryň modelleri uçup, soňra ýerden dolandyrylýan planer howa akymynda 8 minut gaýyp, bellenilen nokada gonýardylar. Uçuşyň do...
«AK-HÜNJI» HK TÄZE TELEKEÇILIK TASLAMALARYNY DURMUŞA GEÇIRÝÄR
?Ak-hünji» hususy kärhanasy ýerli çig maldan - polipropilenden listleýin plastik önümçiligini özleşdirdi. Täze enjamda ekstruziw usul ulanylyp, täze materialyň synag tapgyry çykaryldy. Çig mal hökmüde Balkan welaýatynda ýerleşýän polimer öndürýän gazhimiýasy toplumynyň önümi ulanylýar. Kärhananayň baş direktory Begmämmet Çaryýewiň aýtmagyna görä, täze önüm köp ýerde ulanylyp bilner. Ol suwa düşülýän howdanlaryň gurluşygynda bezeg serişdesi hökmünde, ýelejirediş ulgamlarynda, laboratoriýa enja...
TÜRKMENISTANYŇ WE KANADANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON GEPLEŞIGI
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy. Şeýle hem p...
TÜRKMENISTANYŇ WE ITALIÝANYŇ DAŞARY-SYÝASУ EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi. Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herek...