“BUSINESS CENTRAL ASIA” ŽURNALYNYŇ ÝÖRITE SANY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANDY

photo

Şu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem dürli çäreler, forumlar, sergiler, konsertler gurnalýar. Şeýle-de bu şanly senä we bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan ýörite şekillendirilen neşirler çap edilýär. Olaryň biri hem Hindistanda neşir edilýän “Business Central Asia” žurnalynyň ýörite sany bolup durýar.    

“Business Central Asia” žurnaly her aý çap edilýär hem-de Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary öňe sürmek nukdaýnazaryndan wajyp neşir bolup durýar. Bu žurnalyň awgust aýyndaky sany dolulygyna Türkmenistana bagyşlanandyr. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň wajyplygy barada aýdylýar.

Neşirde durnukly ösüşe ýetmekde dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň möhümligi barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna aýratyn üns çekilýär.

Bu sanda ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, Hindistan Respublikasynyň belli diplomatlary, syýasatşynaslary we professorlary, şol sanda, Aşok Sajjanhar, Arwind Gupta, Praweş Kumar Gupta, Nirmala Joşi, Kamalа Kumari, Manu Mittal türkmen bitaraplygynyň aýratynlygy, onuň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekdäki we sebit durnuklylygyny saklamakdaky orny barada aýdýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň we onuň daşary syýasatynyň durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýetmek işinde ähmiýeti barada aýratyn nygtalýar.

Şeýle hem žurnalyň bu sanynda, Türkmenistanyň ulag, energetika, ekologiýa we ylmy diplomatiýasynyň möhüm aýratynlyklary görkezilen. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde global wehimleri çözmäge gönükdirilip öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlary barada aýratyn bellenip geçilen.   

Bu neşiriň ýurduň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanandygy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň nusgasynyň tutuş halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigini tassyklaýar.