TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ MONAKO KNÝAZY ALBER II BILEN DUŞUŞYGY

photo

Monako Knyazlygynyň Köşgünde Türkmenistanyň Monako Knyazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Maksat Çaryýewiň Knýaz Alber II-e ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Knýaz Alber II-e ynanç hatlaryny gowşurdy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi Maksat Çaryýew Türkmenistanyň Monako Knýazlygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda işjeň ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Bu babatda 2025-nji ýylyň ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagyň Monako Knýazlygyna amala aşyran taryhy saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu sapar ýokary derejeli syýasy dialogyň pugtalandyrylmagynda möhüm waka öwrüldi. Saparyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşmagy möhüm medeni çäre boldy, topar bu ýerde iň ýokary baýrak – Altyn baýrak bilen sylaglandy.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti hanym Oguljahan Atabaýewanyň amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi. Bu sapar Türkmenistanyň we Monakonyň çagalara goldaw bermek, inklýuziw saglygy goraýşy ösdürmek we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugurlaryndaky umumy ygrarlylygyny tassyk etdi.

Duşuşykda şeýle hem Knyaz Alber II-niň geňeşçisi, “Peace and Sport” halkara guramasynyň Prezidenti jenap Žoel Buzonyň Türkmenistana amala aşyran saparyna aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri bilen netijeli gepleşikler geçirildi, şol sanda 2026-njy ýylda Aşgabatda “Parahatçylyk we sport” atly halkara konferensiýany geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Maksat Çaryýew Knýaz Alber II-e iki resmi çakylyk hem gowşurdy:

– 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyna gatnaşmak üçin;

– şeýle hem 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek, Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň meselelerine bagyşlanan BMG-niň Üçünji konferensiýasyna gatnaşmak üçin.

Öz gezeginde, Knýaz Alber II ýetirilen mähirli salamlar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Monako Knýazlygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berk we ösüşe gönükdirilen häsiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine öz mähirli salamyny ýetirmegi haýyş edip, iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.