ÝURDUMYZYŇ DOKMA KÄRHANALARYNYŇ FIRMA DÜKANLARYNYŇ SANY ARTÝAR

Aşgabatda, Oguz han köçesiniň ugrundaky «Dokmahyzmat» Döwlet kärhanasynyň ýanynda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň giň görnüşini: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň çagalar we ulular üçin egin-eşikleri, dürli dokma önümlerini, şeýle hem torbalarydyr aýakgaplary hödürleýän ýörüteleşdirilen dükanlary açyldy.
Ýurduň belli dokma kärhanalarynyň dükançalarynyň açylmagy aşgabatlylara Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
Dokma senagatynyň önümleri, ilkinji nobatda, ilatyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir, şeýle hem harytlaryň şu görnüşinde daşary ýurtlardan getirlýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça wezipä hem hötde gelýär. Bu harytlar ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny we ýokary hili, şeýle hem moda ýörelgelerine laýyklygy hem-de bahasynyň elýeterligi bilen alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Täze dükanlara syn edeniňde, ilki bilen olaryň owadan bezegi, söwda zalynyň amatly ýerleşdirilişi hem-de marketing wezipeleriň we önümleriň stilistik aýratynlyklarynyň içki bezeginiň ýörelegesine sazlaşykly utgaşygy göze ilýär. Ýene bir bellenilmeli ýagdaý, dürli harytlary, egin-eşikleri we aýakgaplary teklip edýän söwda nokatlarynyň bir-birine golaýlygy maşgala bolup söwda etmäge gowy mümkinçilik döredýär. Hoşamaý we mylakatly satyjy-maslahatçylar kreatiw ideýalaryň hem-de harytlaryň arasyndan özüňe gerek zady aňsat tapmaga kömek edýärler.
Güýzki eşiklerde kežual usuly agdyklyk edýär: oňaýly, dünýä modasynyň belli ýörelgeleri bilen milli bezegler gelşikli sazlaşyk döredýär. Kärhanalaryň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar hem-de ulular üçin ýokary hilli önümleri işläp taýýarlapdyrlar.
Dokma önümleriniň arasynda zenan köýnekleri, jalbarlar, jinsi «duetleri», gysga jalbarlar, erkek adamlar üçin ýeňli we ýeňsiz köýnekler, zenanlar üçin ýeňsiz ýeňil köýnekler we beýleki egin-eşikler, ýumşak matadan daşlyklar hem-de başga-da ençeme haryt bar.
Gypjagyň dokma kärhanasynda öndürilýän «Bürgüt» nyşanly sport eşikleriniň dürli görnüşleri satuwa çykarylypdyr.
-Biz ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmäge ýardam etmäge çalyşýarys. Bu ugur kärhanamyzyň esasy strategiýalarynyň biridir – diýip modelçi Mähri Lolykowa gürrüň berýär.-- Ilkinji dükanymyzyň açylyşyna gabatlap, biz gelşikli sport eşiklerini taýýarladyk, oňa alyjylar gowy baha bererler diýip umyt bildirýäris.
Paýtagtymyzyň dokma toplumy Aşgabatda açylan dükanyndan başga-da, kärhananyň önümlerini ilerletmek üçin wirtual meýdança bilenem tanyşdyrdy. nusay.com.tm saýtynyň «dükan» bölüminde täze eşikleriň giň görnüşi teklip edilýär.
Pudagyň kärhanalarynyň köpüsinde onlaýn-tabşyryklar arkaly müşderiler bilen işleşmegiň ýola goýlandygyny aýtmak gerek. nusay.com.tm internet-dükanynyň meşhurlyk gazanandygyny bellemeli, ýakyn günlerde ol täzelenen dizaýnda çykar.
«Aýakgap» dükançasy hem «Türkmen Galkan» aýakgap fabriginiň zenanlar, erkekler, çagalar üçin nusgawy ülňüli hem-de sport aýakgaplarynyň güýzki görnüşlerini teklip edýär.
-Önümiň täze tapgyryny döredenimizde biz möwsümleýin talaplary we alyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, hil-rahatlyk-oňaýlylyk ýaly marketing ýörelgesinden we sazlaşykly baha syýasatdan ugur alýarys – diýip kärhananyň baş modelçisi Şemşat Orazowa gürrüň berýär.
«Altyn Asyr» söwda belgisiniň dükany ýaşajyk müşderiler üçin pudagyň kärhanalarynyň sekizisiniň dürli reňkli her hili matadan tikilen önümlerini: jinsileri we ýaz-güýz geýilýän lybaslary, gyzjagazlar üçin köýnekleri, oglanjyklaryň köýneklerini, jalbarlary, hojalykda ulanylýan dokma önümlerini we sport eşiklerini, bäbäjikler we körpeler üçin eşikleri, şeýle hem ýumşak oýunjaklary, okuwçylar we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin oňaýly hem gelşikli rýukzaklary we torbalary teklip edýär.