SOŇKY HABARLAR
MALIÝE WE YKDYSADYÝET MINISTRLIGINDE ÝHHG-NIŇ MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň özara baha bermäge milli derejede taýýarlygyň çäklerinde halkara maslahatçysy hanym Swetlana Poddubskaýanyň “Jenaýatçylykly ýol bilen girdeji almaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli ulgamynyň t...
TÜRKMENISTANYŇ SERGISI -- PEKINIŇ PARAHATÇYLYK BAGY MUZEÝINDE
Maý aýynyň 13-den 26-sy aralygynda Parahatçylyk muzeýinde (Peace Garden Museum) Halkara muzeýler gününe bagyşlanan we Hytaýyň Parahatçylyk gaznasynyň Pekiniň halkara medeniýet we parahatçylyk halkara gaznasy, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk assosiasiýasy hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli sergisi görkezildi. Pekin şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky komiteti hem-de Ýaşlaryň işi boýunça komiteti, halkara ynsanp...
PIANINOÇY KADYR DOLYÝEW: ZEHINLI HALYPANYŇ ZEHINLI ŞÄGIRDI
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda konserwatoriýanyň uçurymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň şägirdi Kadyr Dolyýewiň özbaşdak konserti şowly geçdi. Bu hasabat konserti heniz taýýarlanyp ýörkä oňa gatnaşýan ýyldyzlar: altyn bariton sesli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň, tanymal skripkaçy, Kadyryň agasy Bahram Dolyýewiň, Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň, galyberse-de, ussat sazanda, halypa, f...
ÇAGANYŇ HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETE MILLI HASABATY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça Komitetine milli hasabaty taýýarlamak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, onlaýn görnüşde ÝUNISEF-iň bilermeni, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary gatnaşdylar. ...
TÜRKMENISTANYŇ WE GERMAN YKDYSADYÝETIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy jenap Oliwer Hermes «German ykdysadyýetini...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi. Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy...
TÜRKMENISTANYŇ MEKDEPLERINDE «SOŇKY JAŇ» DABARALARY GEÇIRILDI
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar. Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli...