DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

photo

Şu gün Italiýanyň paýtagty Rimde BMG-niň Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) 35-nji mejlisi öz işine başlady.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan duşuşyga türkmen tarapyndan birnäçe düzümleriň, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Üç günlük forumyň gün tertibine GOVID-19 ýokanjynyň azyk we oba hojalyk howpsuzlygyna edýän täsiri bilen baglanyşykly birnäçe sebitleýin meseleleri girizildi.

Koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ählumumy ýagdaý bilen bagly kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty netijesinde, bökdençsiz önümçiligi ýola goýmak, ýurdumyzyň ilatyny zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtap, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şeýle hem emele gelen ýagdaýyň öňüni almak we COVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen ýagdaýlaryň ýaramaz täsirini peseltmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmalydygy bellenildi.