DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi iki gün dowam eden onlaýn duşuşygyň esasy meselesi boldy. Duşuşyk BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan guraldy. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Ekologiýa meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklarda esasy ugur hökmünde kesgitlenildi.

Biziň döwletimiz tebigaty goramak baradaky halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň birnäçesine goşulyp, howanyň üýtgemegi, ulaglaryň we aragatnaşygyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge täsiriniň peselmegi ýaly adamzadyň ählumumy meselelerini çözmegiň netijeli ýollaryny gözläp tapmakda işjeň orny eýeleýär.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ony ulag we ekologiýa babatda Durnukly ösüşiň maksatlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak, ilerletmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol başlangyçlar wekilçilikli forumlaryň münberlerinden beýan edildi.