TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA GEÇIRILÝÄN MEDENIÝET HEPDELIGINE GATNAŞYJYLARA
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl Daşoguz welaýatynda geçirilýär. Sizi Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bagtyýar halkymyzyň abadan, sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda giň möçberli özgertmeler üstünlikli du...
MEDENIÝETIŇ ÖSÜŞI, TARYHY, ÝÖRELGELERI, HÄZIRKI GÜNI HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄN SERGI
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygydyr» atly sergi açyldy. Milli medeniýetiň ösüşine, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi birnäçe bölümden ybarat... Medeniýet dünýäsine syýahata başlan bölümlerimiziň biriniň ýörelgesi saz bilen žiwopisiň simwoliki birleşmesine esaslanýar: bu ýerde Bäşim Nuralynyň döşheýkeli, onuň döreden saz gurallary we ajaýyp türkmen kompozitorlary hakda žiwopis eserleri goýlupdyr. Şeýle h...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga...
NAKGAŞLARYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINE BAGYŞLANAN ŽIWOPIS IŞLERI
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan sergisi açyldy. Baýramçylyk sergisiniň başynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow Pyragynyň «Türkmenistan» goşgusyny labyzly okady. Sergide milli medeniýetiň görnükli wekilleriniň portretleri esasy orun tutýar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saparmämmet Meredowyň çeken türkmen poesiýasynyň beýik şahyry Magtymgulynyň s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW NURSULTAN NAZARBAÝEWE TIZ WAGTDA SAGALMAGYNY ARZUW ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti -Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe hat ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär. “Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde Sizi hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygymyz...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirme...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.