img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Iýun

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirme...

DOWAMY
pic
19 Iýun

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

DOWAMY
pic
19 Iýun

TÜRKMEN ARHEOLOGLARY ÝAZKY MÖWSÜMLEÝIN IŞLERIŇ JEMINI JEMLEDILER

?Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi. Hökümetiň anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa golaýda tamamlanan möwsümiň jemleri barada hasabat berildi. Munuň özi bu taslamanyň wajyp derejesine...

DOWAMY
pic
19 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek baradaky teklipl...

DOWAMY
pic
19 Iýun

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň,  ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.  Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralar...

DOWAMY
pic
19 Iýun

AŞGABATDA «KORONARIWUS ÝOKANJYNYŇ PANDEMIÝASYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA HÄZIRKI ÝAGDAÝLARA SYN» ATLY BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ý...

DOWAMY
pic
19 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda adamzad...

DOWAMY