TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ AHAL WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ir bilen milli Liderimiz dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önü...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: ÇÄRELERE BADALGA BERILDI
Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi halkymyzyň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, çuňňur öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýa...
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞAÝJYLARY HALKARA ÝOGA GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRÄ GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 20-nji iýunynda Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport kompleksiniň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga gününe bagyşlanan çäre geçirdi. Diplomatik korpusynyň wekilleri, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýoga bilen meşgullanýan ýaşaýjylary çärä çäklendirilen görnüşde gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Halkara ýoga güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministriniň başlangyjy esa...
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA GEÇIRILÝÄN MEDENIÝET HEPDELIGINE GATNAŞYJYLARA
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl Daşoguz welaýatynda geçirilýär. Sizi Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bagtyýar halkymyzyň abadan, sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda giň möçberli özgertmeler üstünlikli du...
MEDENIÝETIŇ ÖSÜŞI, TARYHY, ÝÖRELGELERI, HÄZIRKI GÜNI HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄN SERGI
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygydyr» atly sergi açyldy. Milli medeniýetiň ösüşine, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi birnäçe bölümden ybarat... Medeniýet dünýäsine syýahata başlan bölümlerimiziň biriniň ýörelgesi saz bilen žiwopisiň simwoliki birleşmesine esaslanýar: bu ýerde Bäşim Nuralynyň döşheýkeli, onuň döreden saz gurallary we ajaýyp türkmen kompozitorlary hakda žiwopis eserleri goýlupdyr. Şeýle h...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga...