RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejed...

DOWAMY
pic
19 Okt

TUNISIŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ BAŞTUTANYNA HATYNDA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMÄGE ISLEG BILDIRILÝÄR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de d...

DOWAMY
pic
19 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň «Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa» atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny ber...

DOWAMY
pic
19 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary, aýry-aýry döwletler bilen COVID-19-a garşy göreşmekde we pandemiýanyň net...

DOWAMY
pic
19 Okt

ÝURDUŇ DEMIRGAZYGYNDA MÄŞ ÝYGYLÝAR

Daşoguz welaýatynda ýene bir oba hojalyk çäresi – mäş ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň etraplaryň ählisinde ýerleşýän kabul ediş nokatlaryna 130 tonnadan gowrak kösükli ekin eltildi, sebitde rejeli ekin dolanşygynyň wajyp bölegi bolan bu ekin köp möçberde ýetişdirildi. Suwy az talap edýän we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan güýzlük galla ýygymyndan soň esasan aralyk ekin hökmünde ulanylýan mäş üç müň ýedi ýüz gektar ýere ekildi. Bu kösükli ekin...

DOWAMY
pic
18 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SPORT-ULAG MERKEZINE BARDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän horm...

DOWAMY
pic
18 Okt

TARYH, ÝÖRELGELER, USULLAR: SERGI HEKAÝATYNYŇ SAHYPALARYNDAN

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň çäklerinde Sergi merkezinde geçen hepdede guralan sergi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda täsirli wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň açyklygy, däp-dessurlary barada Mary žiwopis mekdebiniň ýaş wekili Baýram Nuryýewiň we onuň işleriniň gahrymanlarynyň adyndan çeper tilsimler arkaly gürrüň berilýär. «Düýe ýaryşy», «Gelnaljy» we «Täze durmuş» atly simwolizm usulynda çekilen suratlar allegoriýasy we ýordumynyň dok reňklerde be...

DOWAMY