TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTII TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

photo

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe RespublikasynyňBaştutanyna mähirli sözleri aýdyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Iki ýurdy ikitaraplaýyn bähbitlerde bolşy ýaly, sebitleýin hem-de ählumumy derejede abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamy, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy amatly maýagoýum ýagdaýy döredilen we iri düzümleýin taslamalary hem-de giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ynsanperwer ugry döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we wajyp ugry bolup durýar. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň taryhy, medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilýär. Bu ugurda bilelikdäki iş boýunça ägirt uly tejribe toplandy hem-de bilim, ylym, medeniýet we sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi, häzirki döwrüň wajyp meseleleri, aýratyn-da, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda garaýyşlaryň deň gelýändigi ýa-da ýakyndygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we myhman daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2021-nji ýyly Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilendigini belläp, bu başlangyjy Türkiýäniň ilkinjileriň hatarynda goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek hukugyny Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndan kabul edendigini aýdyp, bu hukugyň ýurdumyz üçin uly mertebedigini, bu işde Türkiýäniň toplan tejribesiniň bähbitli boljakdygyny we onuň üstünlikli dowam etdiriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz 2020-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8 göterim ýokarlanandygyny we ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowtürkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary barada aýdyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanylandygyny muňa mysal getirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň EKO-da başlyklyk etmeginiň çäklerindebu abraýly guramanyň döredilen gününe gabatlanyp2021-nji ýylyň 28-nji noýabryndaAşgabatda halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Mundan başga-da, şu ýyl türkmen paýtagtynda Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe ýokary derejeli Sammiti geçirmek meýilleşdirilýär, onuň dowamynda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.Pandemiýa ýokanjy zerarly bu çäräniň möhleti üýtgedildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu duşuşygy islendik amatly wagtda guramaga taýýardygy bellenildi.

Milli LiderimizOwganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykalgasy bolan “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Ýewropa çykalgany üpjün etjekdigine we sebitiň ýurtlaryna ägirt uly peýda getirjekdigine ynam bildirdi.

Stambul uniwersitetindeTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatyň geçirilendigi hem-de onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň guralandygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny belläp, doganlyk döwletiň daşary işler ministrine bu ugurda geçirilýän işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu köpýyllyk döwletara gatnaşyklarynyň taraplaryň mizemez dostluk gatnaşyklaryna we üýtgewsiz hoşniýetli erkine daýanmak arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de täze anyk mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.