RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Okt

ÝB-MA-OWGANYSTAN FORMATYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň o...

DOWAMY
20 Okt

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.  Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.  Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...

DOWAMY
19 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejed...

DOWAMY
19 Okt

TUNISIŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ BAŞTUTANYNA HATYNDA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMÄGE ISLEG BILDIRILÝÄR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de d...

DOWAMY
19 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň «Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa» atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny ber...

DOWAMY
19 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary, aýry-aýry döwletler bilen COVID-19-a garşy göreşmekde we pandemiýanyň net...

DOWAMY
19 Okt

ÝURDUŇ DEMIRGAZYGYNDA MÄŞ ÝYGYLÝAR

Daşoguz welaýatynda ýene bir oba hojalyk çäresi – mäş ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň etraplaryň ählisinde ýerleşýän kabul ediş nokatlaryna 130 tonnadan gowrak kösükli ekin eltildi, sebitde rejeli ekin dolanşygynyň wajyp bölegi bolan bu ekin köp möçberde ýetişdirildi. Suwy az talap edýän we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan güýzlük galla ýygymyndan soň esasan aralyk ekin hökmünde ulanylýan mäş üç müň ýedi ýüz gektar ýere ekildi. Bu kösükli ekin...

DOWAMY