TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANLY SENELER MYNASYBETLI AÇYLJAK DESGALAR BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanmaga ber...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Şu gün Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirendigini, şonuň dowamynda banklaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen,...
ÝURDUŇ GÜNDOGAR SEBITINIŇ EKARANÇYLARY ŞALY ÝYGYMYNA GIRIŞDILER
Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Bu sebitde şu gymmatly azyklyk ekin iň köp mukdarda ýetişdirilýär. Bu ýerde şaly güýzlük galladan boşan 10 müň 200 gektar meýdana ekildi. Ýurduň gündogarynda esasan şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan, ýokary hasyllylygy we datly tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» sorty ýetişdirilýär. Orakda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlar işledilýär. Lebaply şalyçylar döwlete 47 ümň 400 tonna şaly tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi. Ýokary derejede syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilýändigi aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň hormatly P...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasab...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýew Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bezirgen Sähedowiç Berdiýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI АSPАК SEBIT TOPARYNYŇ MEJLISINDE ÇYKYŞ ETDI
Şu gün ÝuNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş ummany toparynyň (АSPАК) onlaýn görnüşde geçirilen umumy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Şöhrat Jumaýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmek temasyndan çykyş etdi. Mejlise ÝuNESKO-nyň Baş direktorynyň ylym boýunça orunbasary hanym Şamila Nair-Bedual we АSPАК toparyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylary h...