SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BALKAN WELAÝATYNYŇ BAŞ METJIDINIŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy. Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan Gündogaryň gadymy siwilizasiýalar...
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA KARTOŞKADAN ÝYLDA IKI HASYL ALYNÝAR
Ýurdumyzyň demirgazygynda giçki ekilen kartoşka hasyly ýygnalýar. Şu ýylyň güýzünde Daşoguz welaýatynda bu ekin köpçülikleýin 1100 gektar meýdana ekildi. Sebitiň etraplarynyň üçüsinde olary ýetişdirmäge ýaramly ýer bölünip berildi. Ekmek üçin onuň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, sowuk howa, kesellere durnukly, şert dannamaýan we ýokary hasylly görnüşleri saýlanyp alyndy. Ekarançylar ýazky kartoşka ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplasalar-da, sebitiň howa şertlerinde ýylda iki hasyl a...
KARBAMID ÖNÜMÇILIGINIŇ DEPGINLERI ÝOKARLANÝAR
Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody karbamid dökünleriniň önümçiligini giňeldýär. Şu ýylyň dokuz aýynda kärhana esasy çig mal hökmünde tebigy gazdan alynýan ammiagy ulanyp, 900 müň tonna golaý karbamid çykardy. Önümçilik depgini geçen ýyldakydan iki esseden gowrak ýokarlandy. Doly awtomatlaşdyrylan kärhana italýan, golland we amerikan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Zawodyň önümi ýörüte gämi duralgasyna transportýor arkaly çaltlandyrylan usulda ugradylýar, bu bolsa ony suw üst...
SANLY YKDYSADYÝET WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA “TÜRKMENTEL — 2020” ATLY HALKARA MASLAHAT
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar. Şanly senäniň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommuni...
PAKISTANYŇ SARHAD SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Peşawar şäherindäki Sarhad Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Sherbaz Ilyas Ghazanfar Bilouryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şeýle hem “Baky Bitarap Türkmenistany...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BILEN YNASAPWERWER GATNAŞYKLARA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR
Şu gün, Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisiň dowamynda durmuş-ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi. Taraplar owgan halkynyň durmuşynyň kadalaşdyrylmagy ugrunda Owganystana ýardam bermek mümkinçiliklerine seretdiler. Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan ýakyn ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerine ýetirýän möhüm işleri barad...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR
Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşi...