ŞATLYK SOWGAT BERMEK: AÝRATYN ÇAGALAR ÜÇIN BAÝRAMÇYLYK

photo

Aýratyn çagalara bagyşlanan iki sene – Dauna sindromly näsaglaryň Halkara güni (21-nji mart) we autizm meselesi barada maglumatlary ýaýratmagyň Bütindünýä güni mynasybetli jemgyýetçilik işgäri Wiktor Şohiniň gatnaşmagynda «Ýeňme» hemaýatkärlik guramasy «Şatlyk sowgat bermek» atly şygary bilen medeni çäre gurady.

Onda ene-atalaryň işjeň gatnaşmagynda aýratyn çagalar üçin gyzykly bäsleşikler, çagalar tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Animatorçylar gülküli, degişmeli sahnalary janlandyrdylar. Älemgoşar öwüşginli gaýda-gaýmalaşyp howada «uçýan» köpürjekler çagalaryň diýseň göwünlerinden turdy.

– Bu iki wajyp senäni bellemek «Ýeňme» guramasy üçin indi däbe öwrüldi – diýip, onuň ýolbaşçysy G. Çörekliýewa gürrüň berýär. Çagalar bu ýerde baýramçylyk şatlyk-şowhunyndan, özara gepleşip gürrüňleri alyşmakdan, üýşüp aýdym-saz diňlemekden, tanslary synlamakdan ruhy lezzet alýarlar. Çagalaryň ýagdaýlaryna dykgatly üns bermek we olaryň köpçülige goşulmaklary, birek-birege öwrenişmekleri, ýakynlaşmaklary ugrunda alada etmek, ine, çagalar üçin iň zerur zatlar!

Dauna sindromly näsaglaryň Halkara güni Ženewa uniwersitetiniň genetik alymy Stilianos Antonarakisiň teklibi boýunça ilkinji gezek 2006-njy ýylda bellenildi. Ispaniýanyň Palma-de Malýorka şäherinde geçen VI halkara simpoziumynda 21-nji marty şeýle näsaglyga uçran adamlaryň Halkara güni diýip yglan etmek hakda karar kabul edildi. Bu seneleriň aýy hem güni tötänlikden saýlanan däldir – olar näsaglygyň döreýşini alamatlandyrýar. Mart aýy Dauna sindromynyň 21 hromosom boýunça trisomiýany (ýylyň üçünji aýyny) aňladýanlygy üçin saýlanyp alnandyr.

BMG-niň maglumatlaryna görä, her ýylda «Gün şuglasy» diýilýän çagalaryň üçden bäş müňe golaýy dünýä inýär. Şol çagalary ynsanlar öz kalplarynyň yssy mährine çoýmalydyrlar. Dauna sindromyna uçran çagalar – alçak, hoşniýetli we duýgur çagalar. Şeýle körpejeler ösüşden yza galýarlar, ýöne wagtynda ugruna çykylyp, ideg-alada edilse, olar ösüşiň kadaly derejesine ýetip bilerler.

Öz nobatynda autizm meselesi barada maglumatlary ýaýratmagyň Bütindünýä güni BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan 2007-nji ýylyň 18-nji dekabrynda jar edilendigini aýtmalydyrys. Şol jarnamada bu näsaglygy ir anyklamagyň möhümdigi we autizmden ejir çekýän çagalaryň meseleleri hakda jemgyýeti, şol sanda maşgalalary habardar etmek barada teklipler öňe sürüldi.