RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Noý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde halkara düzümleriň gatnaşmagynda çäreleriň birnäçesi boldy. Olaryň biri COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, ýüze çykyp biläýjek durmuş-ykdysady meseleler boýunça BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisidir. Duşuşyga milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň, abraýly ma...

DOWAMY
pic
25 Noý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Tehnologiýalar we sanly ulgamlar babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri şu gün iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda geçirilen wideoduşuşygyň esasy meselesi boldy. Rus tarapyndan duşuşyga şeýle hem “Skolkowo” gaznasynyň we Russiýa Federasiýasynyň birnäçe kompaniýalarynyň, türkmen tarapyndan bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatn...

DOWAMY
pic
25 Noý

BAKY SAZ ÝAŇLANAR...

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda 27-nji noýabrda 18 sagat 30 minutda beýik nemes kompozitory, Wena nusgawy mekdebiniň ajaýyp wekili Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna (1770-1827) bagyşlanan konsert bolar. Kamera ansambly kafedrasynyň hünärmenleri konsertiň guramaçylarydyr. Konsertde Bethoweniň «Aý sonatasy», Skripka üçin «Fa mažor» romansy, «Trio №4» , Skripka we fortepiano üçin kreýser sonatasynyň birinji bölegi we beýleki eserleri ýerine...

DOWAMY
pic
25 Noý

LINGWISTIK TAÝÝARLYGYŇ ÇÄKLERINDE ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ HYZMATDAŞLYGY

Şu günler paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň milli Konsepsiýasynyň kabul edilmeginiň 3 ýyllygyna bagyşlanan ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça çäreler geçirilýär. Umuman, çärä pagtaýtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisi gatnaşýar, olaryň hersinde gyzykly döredijilik we aň-bilim çäreleriniň meýilnamasy taýýarlanyldy. Ýokary okuw mekdeplerinde iki aýa niýetlenen maksatnama laýyklykda mugallymlaryň...

DOWAMY
pic
25 Noý

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BALKAN WELAÝATYNYŇ BAŞ METJIDINIŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy. Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan Gündogaryň gadymy siwilizasiýalar...

DOWAMY
pic
24 Noý

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA KARTOŞKADAN ÝYLDA IKI HASYL ALYNÝAR

Ýurdumyzyň demirgazygynda giçki ekilen kartoşka hasyly ýygnalýar. Şu ýylyň güýzünde Daşoguz welaýatynda bu ekin köpçülikleýin 1100 gektar meýdana ekildi. Sebitiň etraplarynyň üçüsinde olary ýetişdirmäge ýaramly ýer bölünip berildi. Ekmek üçin onuň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, sowuk howa, kesellere durnukly, şert dannamaýan we ýokary hasylly görnüşleri saýlanyp alyndy. Ekarançylar ýazky kartoşka ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplasalar-da, sebitiň howa şertlerinde ýylda iki hasyl a...

DOWAMY
pic
24 Noý

KARBAMID ÖNÜMÇILIGINIŇ DEPGINLERI ÝOKARLANÝAR

Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody karbamid dökünleriniň önümçiligini giňeldýär. Şu ýylyň dokuz aýynda kärhana esasy çig mal hökmünde tebigy gazdan alynýan ammiagy ulanyp, 900 müň tonna golaý karbamid çykardy. Önümçilik depgini geçen ýyldakydan iki esseden gowrak ýokarlandy. Doly awtomatlaşdyrylan kärhana italýan, golland we amerikan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Zawodyň önümi ýörüte gämi duralgasyna transportýor arkaly çaltlandyrylan usulda ugradylýar, bu bolsa ony suw üst...

DOWAMY