img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Noý

TÜRKMENISTAN MA-DA EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul şäherindäki Sebitleýin Merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyga Natalýa German, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy, Agi Weres, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy...

DOWAMY
pic
26 Noý

MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar Şu gün Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleriniň we Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşar...

DOWAMY
pic
26 Noý

TÜRKMENISTANDA FRANSUZ DILI BAÝRAMY BELLENILDI

Şu gün, 26-njy noýabrda tutuş dünýäde Fransuz dili mugallymynyň güni bellenildi. Bu baýramy Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makron tutuş dünýä boýunça fransuz dili mugallymlarynyň 900 müňüsine hormat goýmak üçin döretdi. Häzirki wagtda fransuz dili – dünýäde ýaýraýşy boýunça bäşinji dildir, onda 300 million adam gürleýär. Iňlis dilinden soň ol dünýäde iň köp öwrenilýän dil, telekeçilikde üçünji, halkara maglumatlarynda ikinji we Internetde – dördünji dildir. Fransuz dili...

DOWAMY
pic
26 Noý

RESMI HABAR

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-...

DOWAMY
pic
25 Noý

ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradak...

DOWAMY
pic
25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANLY ULGAMDAKY MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekille...

DOWAMY
pic
25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 13-NJI MEJLISINIŇ BARŞYNDA ÇYKYŞ ETDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazliýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Koreýa Respublikasynyň Da...

DOWAMY