SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekow BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideo...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDAN DUNAÝYŇ KENARLARYNA ÇENLI WIDEOKÖPRI
Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda ynsanperwer ugruň ähmiýetini açyp görkezmäge ýardam berer. Şu ýyl Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplygynyň 65 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan meden...
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpsanly şäher ilaty gatnaşdy. Birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bol...
AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY
u gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...
TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWERLIK UGRY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR
ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi. Ministr Meredow ÝHHG-niň çäkler...
TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ PLATFORMASYNDA TEBIGATY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI TEKLIP EDÝÄR
Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...