RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çin Ki Hun bilen duşuşygy geçirildi.     Duşuşygyň başynda Ministr ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasyn...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy EYR-nyň Ilçisine Eýranyň görnükli alymynyň, Eýranyň Goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň ýolbaşçysy Mohsen Fahrizadeniň janyna kast edilmegi netijesinde aradan çykmagy bil...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTAN EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY ARKALY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi öz işine başlady. Bu sergi ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň görnetin subutnamasy bolup, onda Türkmenistyanyň 37 sany ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazanan belent sepgitleri şöhlelendirilýändir.  Şu gün, serginiň ikinji gününde Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň gazananlary...

DOWAMY
pic
2 Dek

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Şu gün Mejlisiň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy. Bu çärä Ýewropa parlament barlaglary gullugy hem-de ylmyň we tehnologiýalaryň geljeginiň meseleleri boýunça Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlykda EI ulgamlaryny işläp düzmek boýunça toparyň...

DOWAMY
pic
1 Dek

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI BILEN ADA UNIWERSITETINIŇ ARASYNDA WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Azerbaýjanyň diplomatik akademiýasynyň arasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp guralan wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen maslahatyň auditoriýasynyň esasyny, iki ýokary okuw mekdebiniň dürli fakultetleriniň talyplary hem-de professor mugallymlary düzdüler. Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlaryny Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine eýe bolm...

DOWAMY
pic
1 Dek

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY DÜNÝÄNIŇ HABAR BERIŞ SERIŞDELERINDE

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makala Gruziýanyň «Многонациональная Грузия» gazediniň 2020-nji ýylyň dekabr aýyndaky nobatdaky sanynda çapdan çykdy. Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Gruziýanyň birnäçe habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Gruziýanyň «Свободная Грузия», «Newsday Georgia» we «Geoecohub» habarlar agentlikleriniň elektron...

DOWAMY
pic
1 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HALKARA SERGI AÇYLDY

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy. Ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar. 12 gün dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän b...

DOWAMY