img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ WEKILLERI ÝÜK DAŞAMAK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

“Türkmenawtoulaglary” we “Türkmendemirýollary” gulluklarynyň wekilleriniň Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň işgärleri bilen 30-njy aprelde bolup geçen onlaýn-duşuşygynda halkara ýük daşamagyň çägindäki hyzmatdaşlyk  meselesine seredildi.

Taraplar halkara awtomobil we demirýol ýük gatnatmak pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ähli epidemiologik talaplaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi-de bellendi.  

Şeýle hem wideoduşuşygyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň harytlaryny Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri barada bellenip geçildi.

Janmämmet GULAMOW