img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Apr

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ HATYRASYNA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

15-nji aprelde Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çäräniň netijeleri boýunça tegelek stol geçirildi. Onda   maslahatyň esasy ugurlary beýan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Çärä Turkmenistanyn Daşary işler min...

DOWAMY
pic
15 Apr

HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE «PARAHATÇYLYGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY PLENAR MEJLIS GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabatda geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Parahatçylygyň we howpsuzlygyň ugrunda hyzmatdaşlyk»  diýen temada plenar mejlis geçirildi. Çäre Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny...

DOWAMY
pic
15 Apr

«WYŞEGRAD TOPARY – MERKEZI AZIÝA» FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga şeýle-de Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň...

DOWAMY
pic
15 Apr

HZG-NIŇ BAŞ DIREKTORYNA TÜRKMENISTANYŇ “IŞ ÜPJÜNÇILIK SYÝASATY HAKYNDAKY” 122-NJI KONWENSIÝANY TASSYKLAMAK BARADAKY RESMINAMASY GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Ženewa şäherinde Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gaý Raýdere Halkara zähmet guramasynyň “Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky” 122-nji konwensiýasyny tassyklamak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyny sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gowşurmak dabarasy geçirildi.   Dabaranyň çäklerinde Ilçi, Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da Halkara zähmet guramasy bilen netijeli hyzm...

DOWAMY
pic
15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY-EKOLOGIKI UGRY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde göni we sanly ulgam arkaly ÝHHG-niň ykdysady-ekologiki ugry boýunça Komitetiniň «Biodürlülik we howpsuzlyk – daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň howpsuzlyga, şol sanda biodürlüligiň azalmagyna ýetirýän täsiri» atly mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Ilçi M.Akmyradow gatnaşdy. Öz çykyşynda M.Akmyradow gatnaşyjylara Aral deňzini halas etmek boýunça hem-de sebitde ekologiki we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrm...

DOWAMY
pic
14 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW MILLI GEŇEŞIŇ IKI PALATASYNYŇ BILELIKDÄKI BIRINJI MEJLISINI GEÇIRDI

Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşla...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTAN STAMBULDAKY OWGANYSTAN BOÝUNÇA DUŞUŞYGA ÇAGYRYLDY

Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar.  RIA Nowosti diplomatik çeşmä salgylanyp bu barada  habar berýär.  Owganystanyň hökümetiniň we «Taliban» hereketiniň   wekilleriniň gatnaşmagyndaky  ýokary derejeli maslahat  24-nji aprelden 4-nji maýa çenli aralykda Stambulda geçer.  Stambula: Türkmenistan, Awstraliýa,  Azerbaýjan, Kanada, HHR, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Italiýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Norwegiýa, Beýik...

DOWAMY