TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA 2021-NJI ÝYLYŇ ŞYGARY GFR-YŇ AWTOBUSLARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hessen federal ýeriniň paýtagty bolan Wisbaden şäherinde hereket edýän awtobuslarda Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary ýerleşdirilen ýazgylar, şeýle-de «www. neutrality. gov. tm» internet-saýta girmäge kömek edýän bannerler ýerleşdirilen. Bannerler ýerleşdirilen awtobuslar Germaniýanyň iň owadan şäherle...
NUR-SULTAN ŞÄHERINDE ULY TENNIS BOÝUNÇA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nur-Sultan şäherinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Gazagystanyň uly tennis boýunça federasiýasynyň respublikan jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp uly tennis boýunça sport çäresi geçirildi. Ýaryşa Nur-Sultan şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepow gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň sport syýa...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY» ATLY REZOLÝUSIÝANY BIRAGYZDAN KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza-döwletleriniň 72-niň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň barşynd...
TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ GURLUŞYGY BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir aly...
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ HATYRASYNA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
15-nji aprelde Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çäräniň netijeleri boýunça tegelek stol geçirildi. Onda maslahatyň esasy ugurlary beýan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Çärä Turkmenistanyn Daşary işler min...
HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE «PARAHATÇYLYGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY PLENAR MEJLIS GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabatda geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Parahatçylygyň we howpsuzlygyň ugrunda hyzmatdaşlyk» diýen temada plenar mejlis geçirildi. Çäre Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny...
«WYŞEGRAD TOPARY – MERKEZI AZIÝA» FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga şeýle-de Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň...