TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokaý uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan futbol ýaryşyny geçirdi. Ýaryşa Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Tokio şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu sport çäresi ýaşlaryň arasynda sport işjeňligini, bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek, şeýle hem jemgyýetde ekol...
TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwl...
TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ “DOSTLUK” TOPARY “2021-NJI ÝYL – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝYLY” ATLY KUBOGY GAZANDYLAR
Aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň çäklerinde 2021-nji ýylyň 10-11-nji aprelinde Kazan şäheriniň “Bustan” sport merkezinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” atly kubogy gazanmak ugrunda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryş Russiýa federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýaşlaryň işi boýunça ministrliginiň, Sport ministrliginiň hem-de Kazan federal uniwersitetiniň goldamagynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.)...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet Uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirdi. Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Parlamentiniň wekilleri, Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, Bişkekde akkreditirlenen diplomatik wek...
SAZANDALARYŇ WE BAGŞYLARYŇ MILLI BÄSLEŞIGI JEMLENDI
9-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan «Dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu döredijilik gözden geçirilişiniň maksady – türkmen halkynyň we dünýä medeniýetiniň taryhy-medeni mirasynyň gymmatly baýlygy hasaplanýan bagşyçylyk sungatyny köpçülige giňden ýaýratmak, şeýle-de, milli saz gurallaryny ýa...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI TÄZE MÖWSÜMIŇ TOMAŞASYNY GÖRKEZDI
Türkmen sirkiniň döredijilik topary täze möwsüme uly taýýarlykly geldi. Täsinlikleri, gyzyl-gyran gülüşdirýän masgarabazlary, çalasyn we gorkmazak türgenleri küýsän sirk muşdaklary tomaşa başlamazyndan öň zalyň içini doldurdylar. Çagalar üçin görkezilen şatlyk- şagalaňly çykyşlaryň kemi bolmady, çünki tomaşaçylaryň oturýan ýeri bilen manež aralygy olaryň ygtyýaryna berildi. Çagalar artistleriň gözegçiliginde atlara münüp, ýa-da zyňylanda ýene-de yzyna dolanyp gelýän bumerenglara güýmenip, wagtla...
ŞÄHERIŇ TARYHY ADAMLARYŇ YKBALYNDA: MARAT NYÝAZOW
Marat Ataýewiç Nyýazow ýaly şahsyýetleri ýatlamak üçin aýratyn bir sebäp gerek däl. Ol hakda näçe ýazsaňam, näçe aýtsaňam – barybir az. Biziň aşgabatly ildeşimiz dogduk diýaryny dünýä tanatdy. Onuň 1960-njy ýylda Rim Olimpiadasynda gazanan üstünligi nämä degmeýär?! Şonda ildeşimiz nyşana ok atmak boýunça kümüş medaly gazanyp, arzyly altyn medala gaty golaý bardy. Bu ýaş türkmen türgeni üçin uly ýeňişdi. Türkmen mergeniniň ady sport dünýäsinde giňden tanalýar – ol ençeme gezek dünýäniň, Ýew...