img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Apr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.  Şeýle hem mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň...

DOWAMY
pic
12 Apr

Gaýnarbaba — türkmen topragynyň tenekar gözelligi we jomartlygy

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde geçirilen giňişleýin hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmenistan — ro-waçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýylda ýurdumyzyň üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini giňden we hemmetaraplaýyn beýan etmegiň, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we beýleki medeni dabaralaryň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, bu çäreler türkmen halkynyň täsin mirasyny Ýer ýüzünde wagyz etmäge gönükdirilendir.  Türkm...

DOWAMY
pic
12 Apr

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar

Şu ýylyň 26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň yk-dysady syýasatyny, şeýle hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy.  Bu iri düzümiň wekilleriniň nobatdaky saparynyň dowamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, maliýe ulgamynyň we diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen geçirilen...

DOWAMY
pic
12 Apr

PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebit...

DOWAMY
pic
12 Apr

AŞGHABATDA SUW MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi. Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşma...

DOWAMY
pic
12 Apr

MOSKWADA «HAZAR – MÜMKINÇILIKLERIŇ DEŇZI» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» ady bilen Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Rus işewürleriniň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekillerini tegelek stoluň başyna jemlän maslahat şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň taýýarlygyna bagyşlandy. Maslahatyň guramaçylary ykdysadyýet we innowasiýalar, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy gor...

DOWAMY
pic
11 Apr

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropileni satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, T...

DOWAMY