SOŇKY HABARLAR
Petdelikleri saklap galmak boýunça türkmen-german taslamasy durmuşa geçirilip başlandy
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Germaniýanyň tebigaty goramak edarasynyň goldamagynda Amyderýanyň aýagynda “Ýerden peýdalanmaga we biologik köpdürlüligi saklap galmaga ekoulgamlaýyn çemeleşme” Sebit maksatnamasy hereket edip başlady. Türkmenistan bilen Germaniýa Merkezi Aziýanyň özboluşly derýaýaka tokaýlaryny – petdelikleri goramak boýunça bilelikdäki hereketde tejribe topladylar. Ozal şeýle ýerlerde bilelikdäki tokaý dikeldiş işleri Mihael Zukkowyň Gaz...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSUZ RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şöhrat Jumaýew Fransuz Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Pariž şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.S.AMANGELDIÝEW hakynda Dädebaý Saparowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji apreli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.H.PURÇEKOW hakynda Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji apreli.
TÜRKMENISTAN — OWGANYSTAN: SUWDAN PEÝDALANMAKDA HYZMATDAŞLYK
Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Suw meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Iki günlük çärä Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň suwhojalyk önümçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Owganystanyň wekiliýetiniň düzüminde Energetika we suw serişdeleri ministrl...
TÜRKMENISTAN DAŞARY SYÝASAT STRATEGIÝASYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Biziň Bitarap Watanymyz daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, halkara hyzmatdaş...
GURLUŞYGY GUTARAN DESGALAR DÖWLET TOPARY TARAPYNDAN KABUL EDILER
Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz beýleki möhüm meselelere ünsi çekip, senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna döwletimiziň köp serişdeleri goýberýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz soňky döwürde käbir desgalaryň möhletinden gijikdirilip gurulýandygyna, beýlekileriniň bolsa, hasapdan-hasaba berilmän, eýesiz galýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradow hem-de maliýe we ykdysadyýet minis...