img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Maý

GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde S.N.Lebedew 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.   Bu mejlisiň dowamynda ýurtlaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp masahatlaşylar, şeýle-de Arkalaşygyň geljekdäki işini ösdürmek ugrunda ileri...

DOWAMY
pic
30 Maý

BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat şäherine 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.N.Rumasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we meden...

DOWAMY
pic
30 Maý

TÜRKMENISTAN WE ÝEWROPA BILELEŞIGI ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA GEPLEŞIKLERINI DOWAM ETDIRDILER

2019-njy ýylyň 28-30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde iş saparynda boldy. Şol günüň ikinji ýarymynda Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda «Тürkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Tehniki mejlisi geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýewropa tarapy Тürkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Çarçuwaly...

DOWAMY
pic
29 Maý

TMK-NYŇ BÄŞINJI ÝYL TALYPLARY SERGEÝ RAHMANINOWYŇ DIPLOM IŞI BOLAN “ALEKO” OPERASYNY SAHNALAŞDYRDYLAR

Gutardyş synagyna bir aý galanda Moskwa konserwatoriýasynyň şol wagtky talyby Sergeý Rahmaninowa diplom işi hökmünde A. S. Puşkiniň “Syganlar” poemasy esasynda W. N. Nemirowiç-Dançenkonyň librettosyna opera ýazmagy tabşyrýarlar. 19 ýaşly awtor eseri 17 günde döredýär. Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Guwanç Saparalyýewe-de gutardyş synagyna bir aý galanda diplom işi hökmünde “Aleko” operasyny goýmagy tabşyrdylar, konserwatoriýanyň Uly zalynda onuň premýerasy boldy. Oňa konserwatori...

DOWAMY
pic
29 Maý

Resmi habar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raý...

DOWAMY
pic
29 Maý

Resmi habar

Syýahatçylyk ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 7367-nji Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň konsullyk ýygymlaryny almagyň tertibi hakyndaky düzgünnama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlary üçin 10 gije-günd...

DOWAMY
pic
29 Maý

Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy — netijeli gatnaşyklaryň nusgasy

BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine Türkmenista...

DOWAMY