SOŇKY HABARLAR
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Guwanç Ýegenmyradowiç Baýramdurdyýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz we Bolgariýanyň Hökümetiniň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini, özara gyzyklan...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMUNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUNY GURADY
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar y...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary D.Saidyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistan Respublikasynyň wekilçilikli wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýa...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri Ž.P.Razakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri Ženiş Razakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysadyýet, söwda, bilim hem...