SOŇKY HABARLAR
OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Pr...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
21Iýun Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan» köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy. Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgaba...
RESMI HABAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony, metbugaty, neşirýat ulgamyny, kitaphanalary, muzeýleri we medeni-dynç alyş edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen halkynyň milli toýlaryna mahsus görnüşde ş...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplu...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine: ...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda resminamalaryň giň toplumyna garalmagy göz öňünde tutulýar.
“ULAG, LOGISTIKA WE DEŇIZ PORTLARYNYŇ DOLANDYRYŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGY” ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdep...