SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Kazan şäherinde, Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ondan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giňeldilen düzümdäki duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň meselelerine garaldy hem-de hyzm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherine gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň bolmagyna garaşylýar.
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosi...
DÄNE ORAGY MÖWSÜMINIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNYŇ SANY ARTÝAR
Görogly etrabynyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji bolup, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň üstünlik bilen hötdesinden geldiler. Şu ýylyň hasyly üçin bu ýerde 16 müň gektar ýer bölünip berlip, soňra ýerden bugdaýyň 31 müň 500 tonnasy ýygnalyp alyndy. Hasylyň köp bölegini ýokary hilli tohumlyk däne emele getirdi. Şeýle netijäniň gazanylmagyna oba hojalyk önümçiliginde bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy ylmy usullarynyň ulanylmagy w...
BALKAN WELAÝATYNDA MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019 ÇÄRESI BADALGA ALDY
Şu gün Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde «Medeniýet hepdeligi — 2019» çäresiniň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän giň gerimli döredijilik forumy halkymyzyň ruhy baýlygyny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilendir. Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň beýik medeniýetiniň köpasyrl...
GALLAÇYLARYŇ YHLASLY ZÄHMETI BILEN ORAK MÖWSÜMINIŇ DEPGINI ARTÝAR
22Iýun Şu gün Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Etrapda bugdaý ekilen ýeriň meýdany 39 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bu ýere bugdaýyň «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý — 56», «Bagrat» ýaly ýerli toprak-howa şertlerinde oňat netijeleri görkezen görnüşlerini ekdiler. Galla oragyna «СLAAS», «Jo...
BALKAN WELAÝATYNDA GEÇIRILÝÄN MEDENIÝET HEPDELIGINE GATNAŞYJYLARA
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen medeniýetini we sungatyny düýpli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär. H...